Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Jemgyýet
03.12.2024  256

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenendir.

Konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa geçirmek niýetlenen. Ýagny birinji tapgyryň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaralary kesgitlemek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topary döretmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak, ikinji tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, üçünji tapgyrda bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň we usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler öňe sürülýär.

Konsepsiýa laýyklykda, häzirki döwürde sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin uly işler alnyp barylýar. Döwletiň dürli hyzmatlary sanly usulda internet ulgamynda raýatlara hödürlenýär.

Sanly ulgama geçmekde ýurdumyzda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaşlaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonda sanly bilim bermegiň täze usullary işlenip düzülýär, ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwretmek kämilleşdirilýär. Milli bilim ulgamynyň täze usullar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa, ylym-bilimiň döwür bilen deň gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.05.2024   277
Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   22
Jemgyýet Arkadagyň saglyk sahawaty
28.03.2025   242
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyr
12.02.2023   315
Jemgyýet Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
25.12.2024   223
Jemgyýet Belent buýsanjyň nyşany
01.01.2025   186
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   239
Jemgyýet Ulag ulgamynyň ygtybarly geljegi
23.08.2025   128
image