Sanly ulgam maglumatlary we amallary däp bolan kagyz ýa-da mehaniki görnüşden sanly tehnologiýalara geçirip, ähli ulgamlarda işleri awtomatlaşdyryş we olaryň netijeliligini ýokarlandyryş prosesidir. Bu günki günde sanly ulgam diňe tehniki täzelik bolman, eýsem, döwlet edaralarynyň, telekeçiligiň, jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy kämilleşdiriş guralydyr. Sanly ulgam ykdysadyýet we telekeçilik, bilim we saglygy goraýyş ugurlaryna hyzmat edýär. Olar, ýagny elektron resminama dolanyşygy raýatlar üçin sanly hyzmat portallaryny, bank ulgamynda sanly tölegler, onlaýn söwda, araçäksiz onlaýn bilim platformalary, elektron gündelikleri, telemedisina we hassalaryň elektron kartotekasyny düzmekde ulanylýar. Sanly ulgamyň esasy artykmaçlyklary tizlik we amatlylyk, açyklyk, ykdysady netijelilik ýaly ugurlardan ybaratdyr. Ol hyzmatlary öýden çykman gije-gündiziň islendik wagty almaga, kagyz resminamalarsyz amallaryň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga iş wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Çagalar bagyndan başlap döwlet edaralaryna we iri kärhanalara çenli ähli resminama dolanyşygynyň doly sanly görnüşe geçmegi wagty hem-de serişdeleri tygşytlaýar. Nagt däl hasaplaşyklary, onlaýn dükanlarynyň we bank hyzmatlarynyň elýeterliligini, ykdysady serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrýar. Şonuň ýaly-da uly göwrümli maglumatlary ynamly saklamaga we dünýäniň islendik ýerinden oňa elýeterliligi gazanmaga mümkinçilik berýär.
Sanly ulgamyň üstünlikli işlemegi üçin ýokary tizlikli internet infrastrukturasyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak möhüm şert bolup durýar. Sanlylaşdyryş geljegiň däl, şu günüň kämil jemgyýetiniň esasy talabydyr.