Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýeti innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlary, durmuşymyzy barha gözelleşdirmäge gönükdirilen tagallalary, kabul edýän çözgütleri doly we gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär.
Häzirki zaman jemgyýetde sanly tehnologiýalar adaty işleri has ykjam we elýeterli görnüşe getirmek bilen, adamlaryň ykdysady we durmuş işjeňliginiň ähli ugurlaryna düýpli täsir edýär. Sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýan pudaklarynyň biri-de bank ulgamydyr.
Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy maliýe amallaryna sarp edilýän harajatlary azaltmaga kömek edip, maliýe düzümleri we tutuş jemgyýet üçin örän bähbitlidir. Elektron bank düzüminiň ösmegi bilen, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artýandygyny, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelýändigini, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanýandygyny hem-de bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň hödürlenýändigini bellemelidiris. Munuň mysaly hökmünde, «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar hem-de «Internet bank», «Galtaşyksyz töleg», «Cash back» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sanynyň artmagyny agzap bolar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edalarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak boýunça töleg ulgamynyň gerimi giňeýär. Esasan hem, «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlarynyň üsti bilen dünýäniň islendik künjeginden dürli töleg amallaryny amala aşyryp bolýar. Mundan başga-da, bank edaralary tarapyndan internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmatlar ulgamynda «QR-code» arkaly hasaplaşyklar hödürlenilýär. Ýörite terminallar arkaly harytlar we ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegler geçirilýär. Munuň özi gündelik durmuş bilen bagly meseleleriň uly toparyny çalt çözmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de çalt töleg ulgamlary uzak möhletleýin karzlar ýa-da ipoteka üçin töleglere çenli onlaýn görnüşde amala aşyrmaga şert döretdi. Netijede bolsa, bank edaralarynyň müşderiler bilen işlemek üçin sarp edilýän wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berip, ýerine ýetirilýän amallaryň tizligi ýokarlandy. Tygşytlanylan wagt bolsa, maýadan goşmaça girdeji almaga, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilip bilner. Bu bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem gowulanmagyna, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegine giň mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan innowasiýaly özgertmeler bank edaralarynyň maýalaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagyna, maliýe serişdeleriniň binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasiýaly bank hyzmatlarynyň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, bank ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna täsir edýär.