Ýurdumyzda ýaşlaryň çuňňur bilim almagy, bu ugurda dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan beýik işleriň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden, Russiýadan, Belarusdan, Moldowadan, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Özbegistan, Gruziýa ýaly döwletlerden jemi 158-den gowrak talyp öz ylmy-taslamalary bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar.
Iki günläp dowam eden halkara çärede oňa gatnaşyjylaryň ylmy-tasmalary diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Bäsleşigiň ikinji gününde onuň jemi jemlenip, mynasyp orny eýelän ýeňijiler höweslendirildi.