Şanly toýa bagyşlanan maslahat
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Şanly toýa bagyşlanan maslahat

Jemgyýet
06.12.2025  109

Halkara Bitaraplyk gününi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda döwletimiziň dünýä giňişliginde ornunyň çuňlaşýandygy dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň ilerledilmegine goşýan uly goşandy barada anyk mysallara salgylanyp nygtap geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
04.09.2025   189
Jemgyýet Parahatçylygyň gül ysyny ýaýradyp
13.11.2025   109
Jemgyýet Baýramçylyk şatlygy
31.12.2024   279
Jemgyýet Köneürgenjim — taryhym hem buýsanjym
14.01.2025   325
Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   80
Jemgyýet Il saglygy – ýurt baýlygy
06.07.2024   402
Jemgyýet Taýagyň düşen ýeri
30.01.2026   75
Jemgyýet Enelere sarpanyň beýany
06.03.2026   55
image