Şanly senä bagyşlandy
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Şanly senä bagyşlandy

Jemgyýet
03.12.2024  324

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki «Berkarar» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, talyp gyzlar gatnaşdylar. Baýramçylyk saçagynyň başynda döwre gurap oturan zenanlaryň ýüzündäki şatlyk alamatlary, olaryň kalbyna kybapdaş owadan görnüşler dabaranyň mazmunyny hasda baýlaşdyrdy.

Dabarada çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda ýurdumyzyň bu günki gün ýeten belent derejesi, parahatçylygyň nuruny ýaýmakdaky tagallalary we üstünlikleri, zenanlaryň döwlet durmuşyndaky işjeň orny dogrusynda guwançly belläp geçdiler.

Dabaranyň dowamynyň welaýatyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde dürli dillerde ýaňlanan belent owazly aýdymlaryň, owadan tanslar bilen sazlaşmagy has-da täsirli boldy.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda halkymyzyň hemde daşary döwletleriň milli hem döwrebap biçüwdäki lybaslarynyň görkezilişi boldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli buýsanjymyzyň dabarasy
29.04.2026   23
Jemgyýet Egsilmez buýsanjyň beýany
15.05.2025   247
Jemgyýet Asylly terbiýe — gymmatly miras
24.02.2025   274
Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   83
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
05.10.2024   466
Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   164
image