Sanly bilim ulgamy — bilimleriň ak ýoly
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Sanly bilim ulgamy — bilimleriň ak ýoly

Jemgyýet
29.11.2024  538

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň esasynda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesliň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir.

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary zerur hasaplanyp, ýurdumyzda bu ugurdan döwrebap okuw-usuly işler amala aşyrylýar.

Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hem bu Konsepsiýa laýyklykda, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Mekdebiň okuw otaglary ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen bolup, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Bilim ojagynyň elektron kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar — elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Mekdebiň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmalarydyr kitaplary sanly görnüşde elektron kitaphanada ýerleşdirilýär.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän özgertmeler rowaçlygyň kepilidir. Çünki ösen ylym-bilim ähli pudaklarda işleri rowaçlandyrýan güýçdür. Şonuň üçin biziň her birimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekmegimiz mukaddes borçdur.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
04.09.2024   359
Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   164
Jemgyýet Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany
31.08.2024   1337
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   1005
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   343
Jemgyýet Durmuş goraglylygynyň kämil derejesi
01.05.2026   33
Jemgyýet Dabaraly maslahat
12.09.2025   137
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.08.2025   154
image