Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki oba hojalyk ekinleriniň hatarynda, şalynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada netijeli işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde-de, Daşoguz welaýatynda şalynyň öndürilişiniň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Elbetde, şalyçylar şeýle üstünlikler bilen ruhlanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da yhlasly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigine Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň başarjaň babadaýhanlarynyň häzirki günlerde alyp barýan işleriniň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolar.
Şu ýyl daýhan birleşik boýunça 2850 gektar meýdana şaly ekildi. Bu işi talabalaýyk ýerine ýetirmegiň esasy binýady bolan taýýarlyk çäreleri turuwbaşdan göwnejaý amala aşyrylypdyr. Şeýlelikde, öz wagtynda ekiş geçirilen meýdanlarda oňat gögeriş alnyp, ekinleriň kadaly ösüşi gazanylypdyr. Munuň şeýledigini häzir atyzlarda ýaşyl öwsüp, dumly-duşy bezäp oturan şalylar hem aýdyň tassyklaýar.
Daýhan birleşiginiň 9 sany kärendeçiler toparyny düzýän 287 agza şaly ýetişdirmek işi bilen meşgullanýar. Olaryň aglabasy bu ugurda uly tejribe toplap, ýylyň-ýylyna şaly hasylyny ýetişdirmegiň ýokary netijesini gazanýarlar. Geçen ýyl şalyçy kärendeçilerden Gurbansoltan Weliýewa her gektardan 73,9, Söýün Orazgulyýew 63,2, Soltanmyrat Öwezow 61,5, Ýazgeldi Amanow 56,6, Bagtygül Meredowa 53,8 sentnerden hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Bu ýyl hem olaryň iş depginleri şeýle ýokary sepgitlerden habar berýär. Daýhan birleşiginiň 3,4,5,6,7-nji kärendeçiler toparlaryna ýolbaşçylyk edýän Jumamyrat Batyrow, Töremyrat Öwezow, Döwletmyrat Söýünow, Gurbanmyrat Weliýew, Şirmät Begjanow ýaly tejribeli daýhanlaryň ýokary guramaçylyk ukyby, kärendeçiler bilen agzybir işleşmek başarnyklary möwsümde her bir zerur çäräniň birkemsiz, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
Şu günler daýhan birleşiginiň edermen şalyçylary bereketli hasyl ýetişdirmek ugrundaky iş-aladalar bilen ýaşaýarlar. Olaryň şaly atyzlaryny synlanyňda daýhanlaryň zähmetiniň ýerine gowuşýandygyna şaýat bolýarsyň.