Şalynyň bereketli hasyly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Şalynyň bereketli hasyly

Ykdysadyýet
17.10.2024  344

Şu günler welaýatymyzyň şaly meýdanlarynda bereketli hasyly zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 4450 gektar ýerde şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Munuň üçin kärendeçileriň 192 sanysy arly tomus yhlaslaryny gaýgyrmadylar.

Daýhan birleşiginiň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, şu ýyl şaly oragynda 60-a golaý ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň işledilýändigini, şonuň netijesinde şalyçy kärendeçilerden düzülen 10 toparyň ählisinde-de oragyň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygyny aýtdylar. Şalyçy kärendeçiler Wepa Öräýewiň 12, Sapa Hojamberdiýewiň 13, Jahangül Gummanowanyň 30, Şamuhammet Aşyrowyň 2 gektar ýerinden gektaryna ortaça 50 — 55 sentner şaly hasyly tabşyrylypdyr.

Ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnamak işine etraplaryň «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň ýokary öndürijilikli kombaýnlary uly goşantlaryny goşýarlar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Ýolaman Baýlyýew, Şabat etrabyndan Baýram Babaýew, Boldumsaz etrabyndan Maksat Özbekbaýew, Akdepe etrabyndan Nurýagdy Gazakow, Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Merdan Jumamyradow dagy özleriniň erk edýan kombaýnlarynda her gün şalynyň 20 tonnadan gowragyny ýygnap, ussatlyklaryny görkezýärler. «Daşoguzawtoulaglary» kärhanasynyň ýük awtoulaglaryna erk edýän sürüjileri Wepa Kakabaýew, Röwşen Saburow, Serdar Magtymow dagy hasyly kabul ediş nokadyna bökdençsiz daşap, gallaçylaryň alkyşlaryny alýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy
10.02.2026   152
Ykdysadyýet «Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
18.09.2024   327
Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   354
Ykdysadyýet Ak hanalaryň belent harmany
24.10.2025   231
Ykdysadyýet Azyk bolçulygyna goşant
21.04.2026   163
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   309
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   101
Ykdysadyýet Pudak ösüş ýolunda
19.02.2026   173
image