Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Bötendag belentliginde aramgähi ýerleşen Ybraýym Edhem Gündogar edebiýatynda takwalygy we meşhurlygy bilen uly yz galdyran beýik weli hem sopy bolupdyr. Ol, takmynan, VIII asyrda (718 — 782-nji ýyllarda) ýaşap geçipdir.
Ybraýym Edhem baradaky iň meşhur rowaýat onuň durmuşynyň özgermegi bilen bagly rowaýatlardyr. Aslynda, ol Horasanyň gadymy Balh şäheriniň şazadasy bolupdyr. Rowaýata görä, bir gezek aw awlap ýörkä özüne sataşan perişdelerden dünýä malynyň hem-de şan-şöhratyň geçijidigine, wagtlaýyndygyna göz ýetiripdir. Şondan soň ol patyşalyk tagtyny, täjini we baýlygyny bütinleý taşlap, sopulyk ýoluny saýlap alypdyr. Tagtyny taşlandan soň, ol zähmet çekip, öz maňlaý deri bilen gazanan halal rysky bilen ýaşapdyr. Ol Bagdat, Şam, Hijaz ýaly ýurtlarda ylym öwrenipdir, bütin ömrüni ybadat etmek bilen ýaşapdyr. Magtymguly Pyragy we türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Ybraýym Edhemiň tagty taşlap, haka sary ýönelişini mal-mülkden, nebisden geçmegiň iň ýokary nusgasy hökmünde belläp geçipdirler.
Bir gezek Ybraýym Edhem beýleki ýolagçylar bilen gämide ýüzüp barýarka, birden güýçli gaý turup, gämi batmaga başlapdyr. Gämidäkiler gorkudan aglaşyp, dat-bidat edipdirler. Şol wagt Ybraýym Edhem köne juluna bürenip basyrynyp ýatan eken. Adamlar onuň ýanyna baryp:
— Eý, Hudaýyň söýen guly! Görüp dursuň, heläk bolup barýarys. Näme üçin beýle rahat otyrsyň, mynajat ediň! — diýipdirler. Ol başyny galdyryp: «Gäminiň batmak gorkusy siziň dünýä baglananyňyz üçindir. Kalbyňyzy dünýeden üzüň, Hudaýa tabşyryň, şonda deňiz hem rahatlanar» diýipdir we ellerini galdyryp, dileg edipdir. Rowaýata görä, şolbada deňizdäki gaý ýatyp, tolkunlar köşeşipdir.
Ybraýym Edhem barada halk arasynda, galyberse-de, tutuş Gündogar we türkmen folklorynda başga-da, örän köp hikmetli rowaýatlar saklanyp galypdyr. Bu rowaýatlaryň ählisi asyrlarboýy nebsiňi ýeňmek, halal zähmet çekmek ýaly pespällik sapagy hökmünde dilden-dile geçip gelipdir.