Şalyçylaryň zähmet üstünligi
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Şalyçylaryň zähmet üstünligi

Ykdysadyýet
25.11.2025  193

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna barylýan günlerde Daşoguz welaýatynyň şalyçy kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döredýän şertlerinden, berýän kömek-goldawlaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen kemala getirilen şalynyň bereketli hasylyny ýygnap, Watan harmanyna goşmakda uly üstünliklere eýe boldular. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu babatda hemmelere görelde bolarlyk iş bitirýärler. Has takygy, olar şu ýyl şaly ekilen 8100 gektar meýdandan 35000 tonnadan gowrak «sary altynyň» bol hasylyny öndürip, öňde goýlan belent wezipä abraý bilen hötde gelmegi başardylar. Gazanylan bu üstünlige etrabyň S.Nyýazow adyndaky, «27-nji Oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçylary has-da saldamly goşant goşdular. Şonda S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri 4650 gektar ýerden 20267 tonna, «27-nji Oktýabr» daýhan birleşiginiň ýer eýeleri bolsa 2850 gektar şaly meýdanyndan 12316 tonna hasyly döwlet harmanyna tabşyrdylar. Häzirki günlerde hojalyklarda şaly hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
14.04.2026   132
Ykdysadyýet Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar
30.01.2023   357
Ykdysadyýet Belent maksada eýerip
13.06.2025   264
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   444
Ykdysadyýet Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
04.10.2024   324
Ykdysadyýet Mugallymyň bagy
22.08.2024   414
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
11.04.2026   150
image