Şalyçylaryň zähmet üstünligi
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Şalyçylaryň zähmet üstünligi

Ykdysadyýet
02.12.2024  319

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň  şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirip, Watan harmanyna 35 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny tabşyrdylar we  şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Öndürilen şalynyň agramly bölegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň edermen şalyçy kärendeçileri tarapyndan ýetişdirildi.

Şu ýyl şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki «Ykbal açary» hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşandygy bellärliklidir. Olar şaly hasylyny ilkinji gezek ýetişdirýändiklerine garamazdan, 500 gektar ýerden 2 müň tonnadan gowrak «sary altynyň» hasylyny ýygnamagyň hötdesinden geldiler. Şalyçylarymyzyň zähmet üstünligini gazanmagyna ýokary öndürijilikli tehnikalara erk edýän mehanizatorlaryň, «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň, şeýle hem daýhan birleşikleriň ussahanalarynyň ussalarynyň, pudaga degişli hünärmenleriň aýratyn goşantlarynyň bardygyny bellemek gerek.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Möwsüme taýýarlyk ýokary depginde
24.03.2026   100
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
10.08.2024   325
Ykdysadyýet Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär
18.10.2025   197
Ykdysadyýet Şypaly hem lezzetli
21.10.2025   188
Ykdysadyýet Geň galdyrýan ösümlikler
17.11.2025   195
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   273
Ykdysadyýet Üstünlik yhlasa bagly
10.10.2025   170
image