Şaly hasyly ýygnalýar
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Şaly hasyly ýygnalýar

Ykdysadyýet
16.10.2024  246

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şalynyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna goşmagy maksat edinen Daşoguz welaýatynyň şalyçy daýhanlary, kombaýnçylary häzirki günlerde bu ugurda öndürijilikli iş alyp barýarlar. Olaryň ýadawsyz zähmeti bilen kabul ediş bölümlerine gündelik tabşyrylýan şalynyň mukdary barha artýar.

Belli bolşy ýaly, şu ýyl hem bu iş welaýatda şalynyň esasy ýetişdirilýän ýeri bolan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylarynyň paýyna düşdi. Şeýlelikde, bu ýerde göz öňünde tutulan 8100 gektar şaly meýdanynda degişli işler göwnejaý alnyp baryldy. Şonda etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4450, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 3150, «Ykbal açary» daýhan hojalygynda hem 500 gektar meýdana şaly ekilip, kadaly gögerişiň gazanylmagy bilen, ideg çärelerine uly üns berildi. Munuň özi şol ýerlerde saldamly hasylyň ýetişdirilmegine hem-de ony ýitgisiz ýygnap almaklyga gönükdirilen işlere öz wagtynda girişilmegine şert döretdi.

Etrabyň şu hojalyklarynyň çäklerindäki şaly meýdanlarynda orak işleri bökdençsiz dowam etdirilýär. Bu babatda etrap «Obahyzmat» kärhanasyna degişli kuwwatly kombaýnlaryň, şeýle hem döwlet we hususy ulaglaryň ýüzlerçesiniň güýjünden peýdalanylýar. Olara erk edýän kombaýnçylaryň, ulag sürüjileriň örän yhlasly zähmet çekýändiklerini-de bellemek gerek. Bu bolsa bereketli şaly hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny üpjün eder.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Telekeçiligiň ösdürilmegine uly goşant
20.08.2025   124
Ykdysadyýet Belent harman ugrunda
04.11.2024   216
Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   258
Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   231
Ykdysadyýet Guşlaryň täsin dünýäsi
13.08.2025   145
Ykdysadyýet Galla — 2025
24.06.2025   154
Ykdysadyýet Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
20.11.2024   228
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
24.12.2024   201
image