Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär

Ykdysadyýet
07.05.2025  199

Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şalynyň öndürilişini artdyrmak barada kabul eden Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň bu gymmatly ekiniň esasy ýetişdirilýän ýeri bolan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda onuň ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişilip, häzirki günlerde şeýle möhüm çäräniň depgini günsaýyn artýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl etrap boýunça 8100 gektar meýdanda şalynyň bol hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Bu babatda etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçy kärendeçileriniň uly tejribesi bar. Şoňa görä-de, olar ekişi öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň ähmiýetine örän oňat düşünmek bilen, bu ugurda döredilýän ähli şertlerden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Şeýlelikde, etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynda ekiş geçirilen meýdanlaryň möçberi barha artýar. Bu bolsa zähmetsöýer şalyçylaryň şu ýylda hem Watan harmanynyň belent bolmagyna saldamly goşant goşjakdyklarynyň alamatydyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Baglarda sahawat bar
18.03.2025   245
Ykdysadyýet Edermen pileçileriň üstünligi
28.05.2025   176
Ykdysadyýet Döwrebap ymaratlaryň gurluşygynda
22.07.2025   221
Ykdysadyýet Ak ýol bolsun, «ak kerwen!»
10.09.2025   186
Ykdysadyýet Hereketde bereket bar
30.09.2025   133
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   302
image