Il arasynda demirden, agaçdan owadan sallançaklary ýasaýan ussalar az däl. Ellerinden dür dökülýän zenanlarymyzyň arasynda hem ýüpden sallançak ýasamagyň özboluşly usuly saklanyp galypdyr. Ýüpden ýasalan sallançaklar gerek wagty gurup, başga wagt ýygnap goýmaga ýa-da ýola düşülende ýanyň bilen götermäge amatly bolupdyr.
Ene-mamalarymyzyň aýtmagyna görä, ir döwürlerde sallançak ak öýüň tärimlerinden daňlyp, ala ýüpden edilipdir. Pagsa jaýlaryň burçundan kakylan tebläniň halkasyndan sallançagyň ala ýüpüni baglapdyrlar. Ýüpden edilen sallançaklaryň başujy günorta bakdyrylyp gurnalýar. Öýüň dulundan iki-üç metr aralykda iki sany agaç dikip, ýüpleri geçi çöpürinden, pagta süýüminden, goýun ýüňünden egrilip taýýarlanýar. Iki gat ýüpüň iki ujunyň her haýsy bir agaja berkidilýär. Sallançak üçin kilim, haly, palas dokalýar. Palasy sallançagyň iki ýüpüne gerip, her ýüpden aralary açylar ýaly üç garyşdan sähel geçýän sallançak agajy germelýär. Sallançak agajyň agzy ýüpe iler ýaly her ujuny köwýärler. Sallançak palasy gowşap, ýere degmez ýaly iki tarapyny berk edip, ýogyn sapakda temen bilen tikýärler.
Irki döwürde hem enelerimiz pagta meýdanlaryndaky düşelgelerde tut agaçlarynyň arasynda ýüp germäp, sallançak ýasapdyrlar. Her gezek zenanlaryň biri enekelik edip, pagta meýdanynda işleýän eneleriň çagalaryny üwräp, hüwdüläpdir. Sallançakdaky çagany goramak üçin hem alada edipdir. Ýagny batly üwrelende çaga ýykylmaz ýaly sallançagyň ortasyndan ýüp daňypdyrlar. Mör-möjek gelmez ýaly her tarapa dikilen agajyň düýbi ýüň bilen saralypdyr.
Ene-mamalarymyz ýagşy niýet edip sallançagy çarşenbe güni gurupdyrlar. Oňa düşekçe, ýassyk, ýorgan tikipdirler. Owadan alaja işip, sallançakbag, ýüp dokapdyrlar. Sallançak ýüpi we bagy dürli ýüplüklerden gotaz dakyp bezäpdirler. Gadymy däbe görä, çaga sallançaga salnan güni toý edilýär. Bu toýa çagyrylan zenanlar sowgat-serpaýly gelýärler. Öý eýeleri şol gün pişme bişirip, çagalara paýlaýarlar.