Salamlaşmak edebi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Salamlaşmak edebi

Jemgyýet
21.01.2026  176

Edep salamdan başlanýar. Salamlaşmak ynsana mahsus bolan ajaýyp häsiýet bolup, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, ysnyşdyrýar, doganlaşdyrýar. Salamlaşmagyň manysy birek-birege parahatçylyk, dynçlyk arzuw etmekdir.

Ata-babalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelen, hiç bir kanunda ýazylmadyk gowy ýol-ýörelgelerimiz bar. Ýaşy kiçi ýaşy ula, atly barýan pyýada, myhman öý eýesine salam berýär.

Görüşmegiň hem öz düzgünleri bar. Märekä baranyňda saňa iň ýakyn adamdan — ataňdan, kakaňdan, agaňdan başlap, eger olar ýok bolsa, ýaşuludan, ylymly adamdan başlap görüşilýär. Diňe şunuň özi hem milletimiziň ýaşululara, ylymly adamlara goýýan aýratyn hormatynyň nyşanydyr.

Görüşilende iki eliň uzadylýar. Syn edýän bolsaňyz, ýaşulularymyz görşende, eli bilen başam barmagy gysýandyrlar. Çünki halk arasynda «Hydyr atanyň başam barmagynyň süňki ýokmuş» diýen düşünje bar. Hydyr ata duşsaň ähli dilegleriň kabul bolarmyş.

Owaldan gelýän däbimize görä, zenanlar bilen salamlaşylanda, onuň ýanýoldaşynyň hatyrasy belent tutulýar. Ýaşy kiçi zenanyň ýanýoldaşy uly bolsa, ýaşy uly aýal ýaşy kiçi zenana salam berýär.

Agzy ýaşmakly gelniň uly adamlara salam berende, iki elini döşünde goýup, başyny egýän pursatlary-da bar. Zenanlar biri-biri bilen görşende, ýaşy kiçi ýaşy uly zenanyň öňünde başyny egýär, ýaşy uly zenan onuň egnine iki eli bilen kakýar.

Ata-babalarymyzyň aýdan parasatly sözleri, döreden nakyllary, ertekileri, tymsallary, olaryň geçen durmuş ýollary biziň üçin mekdepdir. Ana, şol mekdepden öwrenýänlerimiz bolsa, biziň her birimiziň abraýymyzyň, ömrümiziň hiç wagt solmajak bezegidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kitaphana ulgamy döwrebaplaşýar
24.01.2026   160
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   457
Jemgyýet Awtotoplumdaky göwnejaý işler
24.02.2026   118
Jemgyýet Maşgala mukaddesligi wagyz edildi
15.08.2024   412
Jemgyýet Saglyk — gymmatly baýlyk
08.07.2025   262
Jemgyýet Dalaşgärler bilen duşuşyk
26.03.2026   115
image