Sähradaky haýyrly işler
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Sähradaky haýyrly işler

Jemgyýet
16.03.2024  505

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şonda ymgyr Garagumuň jümmüşinde bakylýan dowar, düýe sürüleriniň suw bilen ýeterlik üpjün edilmegi baradaky aladalar uly orny eýeleýär. Häzirki döwürde Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda hem mallar Garagumuň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ýaýlalarynda idedilýär. Olaryň suw üpjünçiliginiň talabalaýyk bolmagy esasy meseleleriň birine öwrülýär. «Daşoguzörisuw» bejeriş-gurluşyk kärhanasynyň işçi-hünärmenleri hem bu meseläniň ygtybarly çözülmegine goşant goşmakda yhlasly zähmet çekýärler.

Munuň şeýledigini geçen ýylda kärhananyň suw gurluşykçylarynyň ýerine ýetiren işleriniň mysalynda-da görmek mümkin. Çünki olar geçen ýylyň dowamynda jemi 10-a golaý täze guýulary gazyp ýa-da olaryň öňden bar bolanlaryny doly abatlap, çopan-çoluklaryň ygtyýaryna berdiler. Ýeri gelende bellesek, şol guýular Görogly etrabyndaky «Garagum» hem-de Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklaryna degişli öri meýdanlarynda ýerleşýär.

Geçen ýylda «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň Gamyşly, Ajyguýy hem-de «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň Baleýşem, Gyzyljaburun, Gündogar sözenli ýaýlalarynda täze guýular ulanylmaga berildi. Guýularyň çuňlugy 22 metrden 50 metre çenli bolýar. Bu olary gurmak üçin köp zähmet çekmeli bolýandygyny aňladýar. Mundan başga-da, kärhananyň suw gurluşykçylary kaklaryň çäginde sardobalary gurmak boýunça hem iş alyp barýarlar.

Kärhanada tejribeli, öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşýän guýy ussalarynyň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Rahman Garlyýewiň, Gurbannazar Gutlyýewiň, Röwşen Annamämmedowyň, Dörtguly Babaýewiň atlaryny tutmak bolar. Şonuň ýaly-da, olara uly kömek berýän ulag sürüjiler Hudaýnazar Haljanowyň, Sadylla Ýusupowyň bitirýän hyzmatlary aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň öňünde has-da jogapkärli wezipeleriň durandygyny bellemeli. Kärhananyň şu ýyl üçin kabul eden meýilnamasynda Garagumuň uzak ýaýlalarynda ýene-de onlarça guýyny gazmak, abatlamak göz öňünde tutulýar. Bu işleri ýokary derejede amala aşyrmak, guýulary bellenen möhletlerde ulanmaga bermek olaryň esasy aladasy bolmagynda galýar. Nesip bolsa, bu ýyl hem kärhananyň zähmetkeşleri öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmek üçin gaýratly zähmet çekerler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Goşa mukaddesligiň şanyna
16.05.2025   252
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.10.2025   129
Jemgyýet Şalynyň idegi ýokary depginde
31.07.2025   171
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
02.09.2025   180
Jemgyýet Kitap seniň dostuňdyr
06.11.2025   137
image