Sahnada dünýä edebiýatynyň dürdänesi
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Sahnada dünýä edebiýatynyň dürdänesi

Jemgyýet
08.12.2025  208

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeliginiň çäginde Daşoguz şäherindäki Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda meşhur italýan dramaturgy Karlo Goldoniniň «Kýojadaky wakalar» atly komediýasy sahnalaşdyryldy.

Oýun goýujy režissýor Bekmyrat Hallyýewiň sahnalaşdyran spektaklynda ynsan durmuşy täsirli, gülküli wakalaryň üsti bilen janlandyrylýar. Sahna suratkeşi Şemşat Şyhyýewanyň taýýarlan sahna bezeglerinde XVIII asyr italýan şäherçesiniň özboluşly keşbi aýdyň şöhlelenýär. Spektaklyň şowhunly baýramçylyk ruhy, gahrymanlaryň janly keşbi hem-de henekli gürrüňleri tomaşaçylary biparh galdyrmaýar.

Teatryň agzybir döredijilik toparynyň taýýarlan bu spektakly Bitaraplyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli senenama — durmuş tejribesi
04.02.2026   211
Jemgyýet Dünýä dursun parahat!
16.07.2025   1931
Jemgyýet Öz hünäriniň ussady
22.01.2025   450
Jemgyýet Ylym-bilime giň ýol
20.12.2025   230
Jemgyýet Jemgyýeti ösdürmegiň aýdyň ýoly
05.08.2026   107
Jemgyýet Şu günki yhlas — ertirki üstünlik
04.04.2024   465
Jemgyýet Derde melhem şypahana
02.08.2024   584
image