Şäheriň birinjiligi ugrunda
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Şäheriň birinjiligi ugrunda

Sport
23.09.2024  252

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynda ýaşlaryň  arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda sportuň basketbol görnüşi boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi.

Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda geçirilen bu ýaryşa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Ýaryşda Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdebiň basketbolçylary aýratyn tapawutlandylar. Ýaryşyň ýeňijilerine «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň hem-de Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

image