Sahawatly işlere buýsanmak bagty
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Sahawatly işlere buýsanmak bagty

Jemgyýet
12.03.2026  58

Golaýda Daşoguz welaýat merkezinde Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň 2-sine täze öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Daşoguz şäheriniň Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze ýaşaýyş jaýynyň toý döwresini ýadyňa salýan meýdançasynda milli däplerimiziň ýaýbaňlandyrylmagy dabara özboluşly mazmun çaýdy.

Bu ýere welaýat, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, köp çagaly maşgalalar ýygnandylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly tagallalaryň edilýändigi, zenanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň bagtyýar ýaşamagy babatdaky işlere uly ähmiýet berilýändigi barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze jaýyň açarlaryny maňlaýlaryna sylyp kabul eden eneleriň we olaryň maşgala agzalarynyň ýüzlerindäki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine ýapan sahawatly bagt peşgeşine hoşallyk, döwrümize buýsanç alamatlary bagtyýarlyk bilen utgaşyp, dabaranyň tolgundyryjy pursatlaryna öwrüldi.

Ýurdumyzda ýaşaýşyň dowamaty hasaplanýan eneler baradaky aladalaryň näderejede beýikdigini beýan edýän dabaranyň dowamy welaýatyň aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna utgaşdy.

Soňra dabara gatnaşan myhmanlar täze ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp gördüler. Ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary amatly ýerleşdirilip, täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli şertler döredilipdir. Tanyşlygyň dowamynda milli däplerimize eýerilip, üzärlik tütedildi, täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalara ýagşy arzuw-dilegler edildi. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgala agzalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy olaryň toý şatlygyny arşa göterdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Oraza tutmagyň saglyga peýdasy
13.03.2024   529
Jemgyýet «Sary maýam çöküp otyr...»
20.10.2025   141
Jemgyýet Ösüşiň nusgalyk ýoly
20.02.2026   51
Jemgyýet Bagtyýarlygyň nusgalyk ýoly
05.12.2025   104
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
07.03.2024   977
Jemgyýet Biraýlyk üstünliklere beslendi
30.09.2025   102
Jemgyýet Uzak ýaş — bagt peşgeşi
02.04.2026   27
Jemgyýet Köneürgenjim — taryhym hem buýsanjym
14.01.2025   303
image