Şahandazdyr gözel ili türkmeniň
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Şahandazdyr gözel ili türkmeniň

Medeniýet
25.08.2025  303

Türkmen halky asyrlarboýy özüniň geçmiş taryhyny, edep-ekram, däp-dessury bilen baglanyşykly edebi mirasyny saklap gelýär. Milletimiziň özüne mahsus bolan däp-dessury, ynançlary, milli häsiýetleri nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryndan söz açylanda, ajaýyp şahandazlygy barada aýdyp geçmek hökmanydyr. Şol şahandazlyk türkmen toýlarynda şöhlelenýär. Türkmen toýlarynda bagşy aýtdyrmak däbi häzirki döwürde hem dowam edip, ata-babadan gelýän mirasymyzyň dowamatyny alamatlandyrýar. Türkmen şahandazlygy Oguz han türkmeniň, Gorkut atanyň, Görogly begiň zamanasyndan gözbaş alyp gaýdýar we halkymyzyň ruhunda ebedi saklanyp gelýär.

«Gorkut ata» şadessanynda türkmen toýlarynyň ajaýyplyklary giňişleýin beýan edilýär. Dabarasy dag aşan türkmen toýlary aýdym-saza beslenip, göreş tutmak, altyngabak atdyrmak ýaly şatlyk-şagalaňly milli oýunlary bilen şöhratlanypdyr. Toýlarda göreş tutmak däbi ünsden düşürilmän biziň günlerimizde hem dowam edýär.

Türkmen halkynyň medeni mirasyny, ahlak ýörelgelerini, dünýä medeniýetine ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Şol esasda birnäçe milli gymmatlyklarymyz Adamzadyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilip, umumadamzat gymmatlygyna eýe boldy.

«Oguznamada» beýan edilişi ýaly, nesilbaşymyz Oguz han şatlyk-şagalaňa beslenen, dabarasy dag aşan toýlarynda batyr, goç ýigitlere, gerçeklere mal-mülk paýlaýar. Orta asyr taryhçysy Ibn Battutanyň ýolýazgylarynda Oguz han zamanasynyň toýy barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Şol taryhyň ajaýyp sahypalarynda: «Oguz handan gaýdýan toýlaryň şatlygy-şagalaňy, toýlardaky şahandazlyklar berk tertip-düzgünli däbe görä, alnyp barylypdyr. Şol däbe görä öýlenjek ýigit obaň gyrasyna baryp, ýaýlasyna tarap ýaýyny atypdyr. Ýaý okunyň düşen ýerinde öýlenýän ýigide toý gerdegi dikilipdir, soňra şol ýerde öýlenýän ýigit öý-mülk tutunyp, ýaşap başlapdyr» diýip, beýan edilipdir. Türkmen toýlarynyň däbinde durmuşa çykjak gyzyň toýy hem «gyzýygyn» diýlip atlandyrylyp, uludan tutulypdyr. Halkymyzda durmuşa çykjak gyza ata-enesi tarapyndan serpaý edilipdir. Taryhy çeşmelerde gadymda oguzlaryň däplerine görä, ýigit öýlenjek bolsa, aljak gelinligini göreşip, ýykmak bilen, özüniň kämillik ýaşyna ýetendigini subut etmeli bolupdyr. Bu däp «Görogly», «Gorkut ata» şadessanlarynda hem beýan edilýär. Aşyk Aýdyň pirden ak pata alman giden Göroglynyň Harmandäliden göreşde ýykylyşy munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmen toýlary şahandazlygy bilen nesilden-nesle dowam edip gelipdir. Bu ýörelge türkmeniň milli mirasyna siňip, ebedi saklanyp galypdyr.

 

 

Meňzeş habarlar

Medeniýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
19.05.2026   144
Medeniýet Inçe işiň ussatlary
12.11.2025   258
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   706
Medeniýet Döredijilik duşuşygy geçirildi
22.11.2024   555
Medeniýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
24.04.2024   785
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   670
Medeniýet Sungat ojagyndaky bäsleşik
21.10.2025   246
image