«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan geçen ýyl hem uly üstünliklere beslendi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän günlerinde welaýatymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak dabaraly wakalaryň bolmagy ähli ýaşaýjylarymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Daşoguz şäheriniň iň gözel künjekleriniň birinde 1496 maşgala niýetlenen täze ýaşaýyş toplumy gurlup ulanmaga berildi. Bu döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düzüminde mekdep, çagalar bagy, söwda merkezleri ýaly beýleki durmuş ähmiýetli binalar bilen bir hatarda, döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkeziniň bolmagy halkymyzyň saglygy barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň subutnamasydyr. Bu saglyk merkezi raýatlary kabul etmek, anyklaýyş-barlag usullaryny ýerine ýetirmek, zerur bolan ýagdaýda has çuňlaşdyrylan barlaglara we bejergilere ugrukdyrmak üçin amatly şertler döredilen otaglar we ylmyň iň soňky gazananlaryna esaslanan dünýäniň belli kompaniýalarynyň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Ýokary hilli we köptaraply lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen merkezi iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde näsaglara giň ugurlar, şol sanda maslahat beriş we anyklaýyş boýunça lukmançylyk hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler bolup, kardiolog, trawmatolog, radiolog, akuşer-ginekolog, lukmanlarynyň, şeýle hem dogrum otagy, antenatal ideg otagy, rentgen mammografiýa, fizioterapiýa, barlaghana we beýleki köp sanly ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, şeýle hem maşgala lukmanlary üçin niýetlenen otaglar bar. Saglyk merkezi döwrebap elektron ulgamy bilen üpjün edilen, bu bolsa merkezi hassahanalar bilen amalyýet we nazaryýet nukdaýnazardan giňişleýin, ulgamlaýyn arabaglanyşyk saklamaga ýardam edýär. Elektron ulgamyň ornaşdyrylmagy merkeze ýüz tutan raýatlara saglygy goraýyş hyzmatlaryny çalt we öz wagtynda bermäge mümkinçilik berýär.