Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri

Jemgyýet
02.12.2024  297

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» ýaly maksatnamalardyr strategiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemek, olary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem zerur işler amala aşyrylýar.

Ynsan saglygy ýurduň baýlygyna deňelýän berkarar döwletimizde milli saglygy goraýyş ulgamyny galkyndyrmak babatynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýar geljek ugrunda
07.11.2025   76
Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   353
Jemgyýet Şanly ýyla bagyşlandy
28.06.2025   198
Jemgyýet Baýramçylyk şatlygy
31.12.2024   244
Jemgyýet WATAN GERÇEGI SARPALANDY
09.05.2025   198
Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   118
Jemgyýet Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
19.03.2025   231
image