Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde seredilip, ony üstünlikli amala aşyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Aýallaryň nesil öndüriş agzalarynyň keselleriniň öňüni almak, olary howply gaýra üzülmeler ýüze çykmanka anyklamak we bejermek sagdyn nesilleriň dogulmagyny we kemala gelmegini gazanmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Onkologik keseller, ýagny howply täze döremeler dünýäde ýaýran ýokanç däl keselleriň esasy bölegini emele getirmek bilen, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan iň täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň netijeli peýdalanylmagy duş gelýän dürli keselleri irki wagtda ýüze çykarmaga we bejermäge, agyr gaýra üzülmeleriň öňüni almaga ýardam berýär.Häzirki wagtda bilermenleriň aýtmagyna görä, sagdyn iýmitlenmegiň özi howply täze döremeleriň öňüni almakda netijeli usuldyr.
Ýokanç däl keseller duýdansyz ölümiň, dowamly keselçiligiň ýa-da maýyplygyň sebäbi bolup biler. Olaryň öňüni almak üçin jyns agzalarynyň sowuklama keselleriniň we displaziýalarynyň öz wagtynda ýüze çykarylyp, bejerilmegi möhümdir. Howply täze döremeler sagdyn dokumada döremeýär we howply çişleriň öň ýanyndaky keselleriň netijesinde birnäçe ýylyň dowamynda emele gelýär. Bu sebäpli ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremelerine getirip biljek keseller ýüze çykarylyp bejerilse, onuň öňüni alyp bolýar.
Keseliň öňüni almak üçin ýaşaýan ýeriňizde bir ýylda iki gezek barlagdan geçmeli we ýatgynyň boýunjygyndan degişli barlag tabşyrmaly. Gerek bolsa kolposkopiýa barlagyndan we nesil öndüriş agzalarynyň ultrases barlagyndan geçmeli. Ýatgynyň boýunjygynda sowuklama we beýleki keseller ýüze çykarylan ýagdaýynda aýal keselleri lukmanyndan bejergi almaly we gözegçilikde bolmaly. Şeýle edilse siziň özüňiz hem-de nesilleriňiz sagdyn bolar.