Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Saglygym — baş baýlygym» diýen at bilen amaly maslahat geçirildi. Mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata mugallymlardyr talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler täze taryhy eýýamda ähli zatdan gymmatly ynsan saglygyny goramagyň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde alnyp barylýan işler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işler dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.