Saglygym — baş baýlygym
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Saglygym — baş baýlygym

Jemgyýet
22.02.2025  351

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramaklarynda «Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak, ir ýüze çykarmak, anyklamak we bejermek» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen maslahata mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olary irki döwürde anyklamagyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem howply täze döremeleriň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagyň zerurdygy, zenanlaryň ýylda iki gezek meýilleşdirilen saglygy goraýyş barlaglaryndan geçip durmagy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Irki döwründe anyklanylsa, howply täze döremeleri bejerip bolýandygy we ony anyklaýyş usullary, zyýanly endiklerden daşda durmalydygy, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidigi barada hem belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşan zenanlar ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça pikir alyşdylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dünýä içre ykrarly gymmatlyk
22.12.2025   198
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   370
Jemgyýet Gadamlaryň batly bolsun, «Galkynyş!»
19.03.2026   134
Jemgyýet Ynsanperwer ýörelge
29.09.2025   182
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.05.2026   94
Jemgyýet Milli ýörelgeler dabaralanýar
14.05.2025   297
image