«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň hem-de Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» ady bilen sport festiwaly geçirildi. Oňa Daşoguz şäherinden we etraplardan okuwçy oglan-gyzlar toparlary gatnaşdylar.
Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde sport festiwalynyň ýeňil atletika, basketbol topuny halka oklamak, tanap çekmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýeňil atletika boýunça oglanlar 100, gyzlar bolsa 60 metr aralyga ylgadylar. Onda oglanlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Nazarbaý Ýusupow birinji, Görogly etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Şageldi Nuryýew ikinji, Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň okuwçysy Zeýuleddin Kadirbergenow üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Dilnara Bekçanowa birinji, Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň okuwçysy Ruhşana Farruhowa ikinji, Görogly etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurgözel Hojakulyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Basketbol topuny halka oklamak ýaryşynda Akdepe etrabynyň topary birinji, Daşoguz şäheriniň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Tanap çekmek boýunça ýaryş oglanlaryň arasynda geçirildi. Onda Akdepe etrabynyň topary birinji, Görogly etrabynyň topary ikinji, Daşoguz şäheriniň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaryşynda Akdepe etrabynyň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler.
Daşoguz şäherindäki 3-nji sport mekdebinde basketbol boýunça ýaryş toparlaryň arasynda aýlaw görnüşinde geçirildi. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Görogly etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça geçirilen ýaryşda oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etrabynyň, ikinji orny Görogly etrabynyň, üçünji orny Daşoguz şäheriniň toparlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Akdepe etrabynyň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Görogly etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.
Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepde bolsa sport festiwalynyň şaşka, düzzüm, küşt boýunça, şeýle hem türkmen milli oýunlary bolan halka oklamak, çekişme, naýzajyklar nyşanada atly ýaryşlar geçirildi. Şaşka boýunça Görogly etrabynyň topary birinji, Şabat etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Düzzüm boýunça Görogly etrabynyň topary birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, utuk sanlary deň bolan Daşoguz şäheriniň we Şabat etrabynyň toparlary üçünji orunlary eýelemegi başardylar.
Küşt oýny boýunça Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň topary birinji, 16-njy orta mekdebiň, topary ikinji, Şabat etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. Türkmen milli oýunlary bolan halka oklamak boýunça birinji orny Şabat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň, ikinji orny Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň, üçünji orny Akdepe etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň toparlary eýelediler. Çekişme boýunça ýaryşda birinji orny Akdepe etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň, ikinji orny Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň, üçünji orny Şabat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň toparlary eýelediler. Naýzajyklar nyşanada oýny boýunça birinji orny Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň, ikinji orny Şabat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň, üçünji orny Görogly etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň toparlary eýelediler.
Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda geçirilen kiçi futbol boýunça ýaryşda Şabat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň topary birinjiligi gazandy. Daşoguz şäherindäki 3-nji orta mekdebiň topary ikinji, Akdepe etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» ady bilen geçirilen sport festiwalynyň ýeňijilerine «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.