Sagdynlyk — bagtyýarlyk, ruhubelentlik
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Sagdynlyk — bagtyýarlyk, ruhubelentlik

Jemgyýet
15.07.2025  176

Halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimler bar. Saglygyň başymyzyň göwher täjine deňelmegi hem ýöne ýerden däl. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň ösdürilmegi bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr. Diýarymyzda ýaşlary bedenterbiýe we sport hereketine çekmäge aýratyn üns berilýär. «Sport saglykdyr» diýlip, ýöne ýere aýdylanok. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edýän adamlary maşgala gatnaşygyndan, adamlara bolan garaýşyndan, ýaşaýşa, dünýä bolan höwesinden tanap bolýar. Şeýle adamlar elmydama ruhubelent bolýarlar, olaryň zähmete, döretmäge, gurmaga bolan höwesi hemişe ýokarydyr» diýip, «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen kitabynda aýratyn belläp geçýär.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ähli şertler, mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyzyň ähli obalarynda, şäherçelerinde we şäherlerinde sport desgalary gurlup ulanmaga berildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga sport mekdepleridir toplumlarynda ähli şertler döredilen. Saglyk ýoluna ýörişe çykyp, dag howasyndan gursagyňy dolduryp dem almaga uly mümkinçilikler bar.

Ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň we sagdynlygyň mekany bolan ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda ägirt uly işleriň alnyp barylmagy döwletimiziň abraýyny has-da artdyrýar. Bu gün türkmen türgenleriniň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak bilen, baýrakly orunlary eýelemegi türkmen sportunyň ösüşiniň belent derejelere çykýandygyny aýdyň subut edýär. Saglygyna gadyr goýýan halkymyz geçirilýän sport çärelerine işjeň gatnaşyp, saglygyny has-da berkidýär. Sport adamyň bedenini taplaýar, güýç-kuwwat berýär. Hut şonuň üçin hem sport bilen meşgullanmak, bedenterbiýe hereketine gatnaşmak şähdaçyklygyň, ruhubelentligiň we sagdynlygyň girewi, şol bir wagtda hem uzak ömür sürmegiň gözbaşydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Watan gahrymanlaryna buýsanç
10.05.2024   381
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   330
Jemgyýet Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz
04.10.2024   295
Jemgyýet Galkynyşyň ak ýoly
23.04.2026   38
Jemgyýet «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!»
24.12.2025   153
Jemgyýet Baky buýsanjymyz
05.05.2025   215
image