Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
weather dashoguz 8° C Daşoguz

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Sport
16.09.2024  262

Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, sport ulgamynyň işgärleriniň, ezber türgenlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň çäginde guramaçylykly geçirilen sport ýaryşlary hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrara eýe bolan güneşli Diýarymyzy toý ruhuna besleýär, täze taryhy döwürde gazanylýan belent ösüşleri, ýetilen sepgitleri dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Daşoguz şäherindäki 2-nji sport mekdebinde dil we eşidiş taýdan şikesli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ezber türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklar ýurdumyzyň güýçli türgenlerini ýüze çykardy. Ýaryşyň netijesine görä, ýetginjekleriň arasynda Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgenleri Eşret Arazgeldiýew, Şerzat Atagullaýew, Begzat Kurambaýew, Mukam Guwanjow, Umyt Röwşenow, Amir Ýuldaşow, Lebap welaýatyndan Jasurbek Bekniýazow, Meýlis Bäşimow, Mary welaýatyndan Bagtyýar Annadurdyýew, uly ýaşlylaryň arasynda daşoguzly türgenler Satlyk Satlykow, Izzat Narmetow, lebaply türgenler Atageldi Ýagşymyradow, Atanepes Pirkulyýew, Suhan Joraýew dagy öz agram derejelerinde üstünlik gazanyp, Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy.

***

Daşoguz welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda, Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda welaýatyň ykdysady toplumynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça welaýat çempionaty geçirildi. Onda edara-kärhanalaryň işgärlerinden düzülen toparlar özara güýç synanyşdylar. Sagdyn durmuş ýörelgesini we sport işjeňligini wagyz etmek maksady bilen geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşda Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň topary has tapawutlanyp, birinji orna mynasyp boldy. Welaýat salgyt bölüminiň topary ikinji, Statistika müdirliginiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine Daşoguz  welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Mekdep okuwçylarynyň ýaryşy
11.02.2026   36
Sport Türkmenistan — sport ýurdy
26.03.2024   277
Sport Zenanlaryň sport ýaryşlary
06.03.2025   239
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
14.02.2023   305
Sport Gyzykly geçen ýaryş
03.02.2025   199
Sport Zenanlaryň ýaryşy
14.03.2024   337
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
14.11.2024   223
image