Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Jemgyýet
05.04.2025  319

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary esasynda Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi, welosipediň jemgyýetçilik ulaglarynyň sanawyna goşulmagy sport ulgamynda gazanylan uly üstünliklerimizdir. Şeýle hem geçen ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi hem döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň sport ulgamyna berýän goldawlarynyň netijesinde häzirki wagtda türkmen türgenleri dünýäniň abraýly sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny al-asmanda parladýarlar.

Täze taryhy eýýamda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili yzygiderli gowulandyrylýar. Ýeri gelende bellesek, saglygy goraýyş edaralary dünýäniň innowasion tehnologiýalara esaslanýan kärhanalarynda öndürilen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Geçen ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň önümi bolan «Dialog+» kysymly 2 sany gemodializ enjamy sowgat berildi. Bu bolsa nesil saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmek babatda döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň biridir.

Her ýylda berkarar döwletimizde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralary jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýylyň okyjysy
03.01.2025   316
Jemgyýet Ruhubelentlige beslendi
09.10.2025   146
Jemgyýet Baýramçylyk şatlygy
31.12.2024   279
Jemgyýet Sanly mümkinçilikler — täze ädimler
05.09.2024   323
Jemgyýet Dabaraly maslahatlar
16.11.2024   295
Jemgyýet Tomus — 2025
11.06.2025   212
image