Sagdynlygyň gözbaşy
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Sagdynlygyň gözbaşy

Jemgyýet
08.10.2026  90

Ynsan üçin her gün sagdyn iýmitlenmek bilen bir hatarda, özüniň ýaş aýratynlygyna we mümkinçiligine görä, gündelik bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sport maşklaryny ýerine ýetirmek wajypdyr.

Ýaş nesillerimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa olaryň berk bedenli, sagdyn pikirli bolup ýetişmekleri üçin uly itergi berýär. Her gün yzygiderli pyýada ýöremek sportuň iň bir elýeterli görnüşiniň biridir. Onuň saglygy berkitmäge, bedeniň içki agzalarynyň işjeňligini kadalaşdyrmaga, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga peýdasy uludyr.

Her gün 30 minudyň dowamynda arassa howada gezelenç edýän adamlarda ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň, insultyň 20 — 40% az gabat gelýändigi köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde anyklanyldy. Ýöremek daýanç-hereket ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar, süňkleri berkidýär. Bedende alyş-çalyş hadysasynyň işini gowulaşdyrýar, ganda gandyň kadalaşmagynda we zyýanly holesteriniň görkezijisiniň peselmeginde, immun ulgamynyň pugtalanmagynda ýöremegiň peýdasy uludyr. Ýöremek şeýle hem nerw ulgamynyň işjeňliginiň kadalaşmagyna, beden dartgynlygynyň gowşamagyna, ýatkeşligiň berkemegine ýardam edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Rowaç menzilleriň beýany
19.06.2026   143
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   640
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
13.02.2023   615
Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   388
Jemgyýet Ynsanperwer ýörelge
29.09.2025   240
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   434
Jemgyýet Biziň döwürdeşimiz
04.01.2025   508
image