Sagdynlygyň dabaralanmasy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Sagdynlygyň dabaralanmasy

Jemgyýet
10.10.2024  417

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň  etrapdyr şäherlerinde hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli giňden ýaýbaňlandyrylan dabaralar şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Täze taryhy döwürde halkyň saglygy hakynda ägirt uly aladalaryň edilýändigi hünär baýramy mynasybetli geçirilen medeni, sport, wagyz-nesihat çäreleriniň, dabaraly maslahatlaryň mazmunynda aýdyň şöhlelendi.

Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýat Stomatologiýa merkeziniň mejlisler zalynda «Ynsan saglygy — ýurduň baş baýlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly tagallalar hakynda buýsançly çykyşlar edildi.

Milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler berkarar döwletimiziň bedew bady bilen öňe barýan rowaç menzilleriniň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Halkyň saglygy döwletiň baýlygyna deňelýän ýurtda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, degişli düzüm böleklerini döwrebaplaşdyrmak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hasabat-saýlaw ýygnaklaryna bagyşlandy
03.02.2026   183
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   1230
Jemgyýet Watan goragy ygtybarly gollarda
27.01.2026   173
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   116
Jemgyýet Uzak ýaş — bagt peşgeşi
02.04.2026   141
Jemgyýet Baky bagtyň binýady
19.05.2025   341
Jemgyýet Kitap — kämilligiň gözbaşy
04.04.2024   839
image