Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Jemgyýet
30.07.2025  148

Belent özgertmelere beslenýän täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi döwletimiziň pajarlap ösmegine, halkymyzyň parahat hem abadan durmuşda ýaşamagyna, jemgyýetde durnukly ýagdaýyň saklanmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary öňe sürmek bilen, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda döwri beýgeldýän işleri, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrýan tutumlary amala aşyrýar. Bu bolsa, her bir raýatyň bagtly durmuşyny üpjün etmekde esasy çelgi bolup durýar.

Her bir ösýän döwletde jemgyýetiň sagdyn durmuşyny üpjün etmek esasy şert hökmünde orta çykýar. Bu ugurda biziň ýurdumyzda örän oýlanyşykly işlenip düzülen maksatnamalaryň, kämil kanunlaryň, öňüni alyş çäreleriniň esasynda iş alnyp barylmagy halkyň abadan ýaşaýşyna ýokary täsirini ýetirýär. Ähli döwürlerde-de ýaramaz pişeler, endikler, nogsanlyklar jemgyýetiň ösüşine ters täsirini ýetirýän ýagdaýlar hökmünde ýazgarylyp gelnipdir. Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar sagdyn nesliň kemala gelmegine ýaramaz täsirini ýetiripdir. Häzirki taryhy döwrümizde bu ýaramaz ýagdaýlara garşy göreş çäreleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň asudalygyna, jemgyýetiň ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýän bu erbet ýagdaýlara, olaryň ýaýramagyna barlyşyksyz göreşiň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyna berk talap bildirýär. Şol bir wagtyň özünde bu babatda halk köpçüliginiň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagy sazlaşykly ýagdaýa öwürmegi borç edip goýýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli mertebäniň belent sarpasy
09.07.2025   183
Jemgyýet Terbiýe göreldeden başlanýar
29.07.2025   177
Jemgyýet Dabaraly duşuşyk
12.02.2023   326
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   392
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   380
Jemgyýet Ajaýyp döwrümiziň şirin owazy
31.07.2025   164
Jemgyýet Tizlikden ruhlanýan türgen
13.08.2024   318
image