Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap guramasynyň guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, ahlak terbiýesini, maşgala mukaddesligini we milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmek maksady bilen, «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat maslahatlary geçirildi.
Andalyp şäher medeniýet merkezinde geçirilen maslahata ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler, okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, Watana wepaly, zähmetsöýer, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga zenanlarymyzyň uly goşant goşýandyklary dogrusynda belläp geçdiler.
Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat maslahatlary Nurmuhammet Andalyp adyndaky oba medeniýet öýünde, etrapdaky 22-nji, 55-nji, 63-nji orta mekdeplerde, şeýle hem Ruhubelent etrabynyň medeniýet merkezinde, etrapdaky 2-nji sport mekdebinde, 3-nji we 4-nji orta mekdeplerde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.