Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Jemgyýet
20.04.2024  533

Golaýda TZB-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap bölüminiň guramagynda zenanlaryň arasynda maşgala gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, nika bozulmalarynyň öňüni almak, ahlak arassalygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi ündemek maksady bilen, «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.

Etrap medeniýet merkezinde, etrapdaky 50-nji, 65-nji, 21-nji orta mekdeplerde, Magtymguly adyndaky hem-de Türkmenýoly geňeşlikleriniň oba medeniýet öýlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde, işjeň häsiýetde geçirilen maslahatlarda zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, RÝNÝ bölüminiň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, oňa zenanlaryň öz orunlarynda goşýan mynasyp goşantlary, nesil terbiýelemekdäki hyzmatlary, maşgala gymmatlygyny gorap saklamakdaky göreldeleri we bu babatda olara uly ynamyň bildirilýändigi dogrusynda nygtalyp geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
20.12.2024   288
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
06.10.2025   128
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
19.11.2025   113
Jemgyýet Rysgally ýyl
24.12.2024   361
Jemgyýet Wagtlaryny hoş geçirýärler
10.06.2024   328
image