Sagdyn geljegiň binýady
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Sagdyn geljegiň binýady

Jemgyýet
23.10.2024  352

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramagynda «Süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almak, ir ýüze çykarmak, anyklamak we bejermek» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar. Onuň dowamynda edilen çykyşlarda süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almak boýunça geçirilýän işler, bu babatda ylmy taýdan esaslandyrylan lukman maslahatlary barada aýratyn durlup geçildi.

Maslahatyň dowamynda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň çäklerinde geçirilýän şeýle giň gerimli çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şeýle hem ynsan saglygyny goramak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler hakynda buýsançly gürrüň edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
19.09.2024   560
Jemgyýet Derde derman önümler
23.07.2025   343
Jemgyýet Baýramçylyk konserti
13.12.2025   134
Jemgyýet Garaşsyzlyk — baky bagtymyz
28.08.2025   201
Jemgyýet Aýlaryň serweri
09.03.2024   431
Jemgyýet Ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.09.2024   406
image