Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri jemgyýetiň, ynsan durmuşynyň hemmetaraplaýyn saplanmagy, bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy bilen alamatlanýar. Zyýanly endikler hemmeler tarapyndan näletlenilýän zada öwrüldi. Adamlar şol endikleriň jemgyýete, maşgala we ynsan saglygyna uly zyýan ýetirýändigine barha aýdyň göz ýetirýärler.
Düzgün bozulmalaryň her hili ýüze çykmagynyň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini, mähriban Watanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal zähmet çekmegi wagyz etmek maksady bilen bilim ojaklarynda, zähmet toparlarynda wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Geçirýän wagyz-nesihat çärelerinde din wekilleriniň, lukmanlaryň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşyp, çykyş etmekleri guralýar.
Geçirilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleri özüniň gowy netijelerini hem berýär. Ýaş nesiller indi özleriniň boş wagtlaryny bedenterbiýä we sporta, welosiped sportuna, kitap okamaga, jemgyýete peýdaly beýleki güýmenjelere sarp edýärler. Bu zatlar üçin bolsa Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda örän ajaýyp mümkinçilikler bar.