Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi

Jemgyýet
06.08.2024  388

Golaýda TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň Daşoguz welaýat häkimligi, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligi, Daşoguz şäher prokuraturasy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi,  «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Daşoguz şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty — halkymyzyň durmuş goraglylygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda hereket edýän kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeler, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti hem-de bu ýörelgäni her bir adamyň durmuşyna ymykly ornaşdyrmak üçin döredilýän giň mümkinçilikler, üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaş nesilleri halallyga uýýan, merdi-merdana, il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilimli, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we sarpa goýýan ýaşlar edip ýetişdirmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak barada, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşýan uly goşantlary dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de sorag-jogap alyşdylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dalaşgär — 2026
14.07.2026   216
Jemgyýet Lukman zenanlar sylaglandylar
07.03.2024   503
Jemgyýet Il-halkyň myrady
28.04.2026   134
Jemgyýet Talyp kalbynyň joşguny
19.12.2024   462
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
29.10.2024   428
Jemgyýet Saýlaw işiniň hukuk esasy
21.02.2026   150
Jemgyýet Uzak ýaş — bagt peşgeşi
02.04.2026   143
image