Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, zyýanly endikleriň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barmak ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem welaýat prokuraturasynyň, beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Olarda ýaramaz endikleriň hem-de nogsanlyklaryň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanly täsirleri barada düşündirilýär we olary aradan aýyrmakda her bir raýatyň işjeňlik görkezmelidigi ündelýär. Şeýle hem sport bilen meşgullanýan adamyň ömrüniň uzak, janynyň sag bolýandygy, ýurdumyzda sporta berilýän ünsüň netijesinde bu ulgamyň belent sepgitlere ýetendigi, şu zatlaryň ählisiniň aňyrsynda bolsa halkymyzyň jan saglygyny goramak baradaky maksadyň durýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar edilýär.