Sagdyn durmuş wagyz edildi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Sagdyn durmuş wagyz edildi

Jemgyýet
21.06.2024  455

Ýurdumyzda ilat arasynda hem-de ýaşlar bilen sagdyn durmuş ýörelgesini yzygider wagyz etmek boýunça berilýän tabşyryklary ýerine ýetirmek maksady bilen, ýakynda Daşoguz şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň, welaýat Polisiýa müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn nesil — bagtyýar jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Hassahananyň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda guralan çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň asuda, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy üçin alnyp barylýan beýik işler, şeýle hem ýaramaz endiklerden daşda durup, ahlak arassalygyna, milli ýörelgelerimize, edep-kadalaryna eýerip çekilýän halal zähmetiň höziri dogrusynda gürrüň etdiler. Geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmagy, sagdyn, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi uly buýsanç bilen bellenildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ene mukaddesdir
24.08.2026   49
Jemgyýet Mährem ýürekleriň buýsanjy
06.03.2025   355
Jemgyýet Şanly ýyla bagyşlandy
28.06.2025   301
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   399
Jemgyýet Mähir ummany
04.11.2025   229
Jemgyýet Bitaraplygyň  röwşen gadamlary
17.05.2025   360
image