Sagdyn durmuş — ömrüň bezegi
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Sagdyn durmuş — ömrüň bezegi

Jemgyýet
13.02.2026  98

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de berk bedenli, ruhy taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwrebap sport toplumlary, stadionlar, kämil enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalar, anyklaýyş, «Ene mähri» merkezleri, şypahanalar halkymyzyň saglygyny berkitmäge ýardam edýär. Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar. Köpçülikleýin sport çäreleri bu günki günde döwrümize bezeg berýän dabaralara öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň arasynda sporty, bedenterbiýäni, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlarymyz öz wagtlaryny kitap okamaga, bilimlerini kämilleşdirmäge, sport, döredijilik bilen meşgullanmaga gönükdirýärler. Bu günki gün ýaş nesillerimiz halkara bilim we sport ýaryşlarynda, olimpiadalarda çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwrebap bilim özgertmeleri ýaş nesliň dürli ugurlar boýunça öz saýlan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda edýän çäksiz aladalarynyň ajaýyp miwesidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hukuk hyzmatlary döwrebaplaşýar
26.09.2025   167
Jemgyýet Milli senenama — durmuş tejribesi
04.02.2026   141
Jemgyýet Milli mertebäniň belent sarpasy
09.07.2025   225
Jemgyýet Lukman zenanlar sylaglandylar
07.03.2024   447
Jemgyýet «Edepli ile ýarar»
06.05.2025   285
image