Sagdyn bedende — sagdyn ruh
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Jemgyýet
03.04.2026  51

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda «Sagdyn nesil — bagtyýar durmuş» ady bilen sportuň basketbol görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ony «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilelikde guradylar. Ýaryş Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň basketbol eýwanynda geçirildi.

Çekeleşikli geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Daşoguz şäheriniň topary birinji, Görogly etrabynyň topary ikinji, Şabat etrabynyň topary üçünji orny eýelediler.

Gyzlaryň arasynda birinji orny Daşoguz şäheriniň, ikinji orny Ruhubelent etrabynyň, üçünji orny Garaşsyzlyk etrabynyň toparlary eýelediler. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
07.08.2025   196
Jemgyýet Şanly ýylymyza bagyşlanan maslahat
09.01.2025   284
Jemgyýet Bagtyýarlygyň röwşen ýoly
26.01.2026   85
Jemgyýet Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
07.08.2024   324
Jemgyýet Awaza forumy: adamzadyň bähbidi üçin
25.07.2025   205
Jemgyýet Belent üstünlikleriň güwäsi
13.02.2026   61
image