Şadyýan tomus
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Şadyýan tomus

Jemgyýet
23.06.2025  303

Sapaly künjekdäki gyzykly bäsleşik

Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda şaşka boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa  merkezde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Bäsleşik çagalary sagdyn durmuş ýörelgesine, sport işjeňligine höweslendirmek, berk bedenli, ruhubelent nesilleri kemala getirmek babatdaky ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Şeýle ýaryşlar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini mazmunly geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Paýhas oýny bilen gyzyklanýan çagalaryň arasyndaky ýaryş ezber türgenleri ýüze çykardy. Gazanan utuklaryna laýyklykda, ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi we baýraklar, Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdynlygyň dabaralanmasy
10.10.2024   400
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanylan sergi
26.10.2024   375
Jemgyýet Miras
25.02.2025   390
Jemgyýet Işjeňligiň hem zehiniň sazlaşygy
03.10.2025   184
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny aýdaly
15.04.2024   530
Jemgyýet Ýaşlar bilen duşuşyk
20.07.2026   84
image