Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösüp ulalmagy, çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler ýaş nesilleri diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Häzirki wagtda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmekde Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde döwrüň talabyna laýyk işler ýola goýulýar. Dynç alyş möwsüminde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin bu ýerde ähli mümkinçilikler bar. Dynç alyş merkezinde welaýatyň dürli künjeginden bagtyýar nesilleriň ýüzlerçesi wagtlaryny şadyýan geçirýärler.
«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde häzirki wagtda çagalaryň dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Möwsümiň dowamynda merkezde 14 sany terbiýeçi işleýär. Şeýle hem bu ýerde Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary tejribelikde bolýarlar. Dynç alyş merkezinde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Merkeziň 3 sany ýatylýan binasy, 1 naharhanasy, oýun, teatr zallary, ýapyk we açyk howuzlary bar. Merkezde çagalaryň saglygy her gün lukman gözegçiliginden geçirilýär. Ýörite bellenen «Tiz kömek» gullugynyň işi hem gije-gündizleýin tertipde ýola goýuldy. Bu bolsa dynç alýan çagalaryň saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Merkeziň baş binasynda muzeý, kitaphana, maşk otagy, saglygy goraýyş otaglary bar, şeýle hem tikinçilik, halyçylyk we beýleki el hünärleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilen. Muzeý otagy gadymy ýadygärlikleriň nusgalary, kitaphana otagy çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin kitaplar, gazet-žurnallar bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Bu ýerde çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin sport desgasynda we meýdançalarynda zerur şertler bar. Şeýle hem merkeziň bir gezekde 300 çagany naharlamak üçin niýetlenen naharhanasy bar. Saglygy goraýyş otaglary gerekli lukmançylyk enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylan. Merkeziň 150 orunlyk amfiteatry bolup, onda çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin kinolary, multfilmleri görkezmäge, konsertleri, sahna oýunlaryny guramaga mümkinçilikler bar.
«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bu ýerde şadyýan çagalaryň gülki sesleri kalbyňda aýratyn ýakymly duýgulary döredýär. Merkeziň eýwanynda dynç alýan çagalaryň çeken surat eserleriniň ýerleşdirilmegi döredijilik bilen dynç alşyň sazlaşygynyň üpjün edilýändigini görkezýär.