Şadyýan tomus
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Şadyýan tomus

Sport
01.07.2024  363

Bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynyň şatlykly dowam edýän günlerinde olaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz bagtyýar çagalar» ady bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça hem-de «Naýzajyklar nyşanada» atly ýaryş geçirildi.

Örän gyzykly geçen ýaryşyň kiçi futbol görnüşi boýunça birinji ýere «Şowhun», ikinji we üçünji ýerlere, degişlilikde, «Jeýhun» hem-de «Begenç» toparlary mynasyp boldular.

Ýaryşyň «Naýzajyklar nyşanada» görnüşi boýunça birinji ýere «Daýanç», ikinji we üçünji ýerlere «Begenç» hem-de «Şowhun» toparlary mynasyp boldular.

Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Meňzeş habarlar

Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
14.11.2024   278
Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   357
Sport Şäheriň birinjiligi ugrunda
23.09.2024   294
Sport Küştçi doganlaryň üstünligi
31.01.2026   139
image