Bir ýerde akman, köp duran suwa sadyr diýilýär. Ol toýunsow ýere akan suw-da, zeý suwy-da bolup biler. Toprakdan ýa-da töwerekdäki ot-çöplerden reňk alyp, şol suw sap-sary öwüsýär. Bir adam nähoşlap horlansa, oňa «Ýüzi sary-sadyl ekeni» ýa-da «Pylany neresse-de sary-sadylla bolup ýör» diýilmegi hem şol «sadyr» sözi bilen baglydyr. Bir ýerde durup, köp garaşan — intizar bolan adama-da «Halys sadylla boldy» diýilýär. Sadyr bolup ýatan suwy başga bir pes ýere akdyraýmasaň, onuň wagty bilen siňjek gümany ýok. Käbir adamlar şolar ýaly oýtak ýerleri gömüp, ders baryny döküp, sana goşaryn öýdýär. Köne daýhançylyk tejribesi hem, häzirki zaman ylmy hem sadyr suwdan dynmagyň ýeke-täk ýolunyň onuň üstünden ýa-da gapdalyndan zeýkeş geçirmekdigini subut edýär. Munuň üçin ekin meýdanlarynda topragyň diňe üstündäki sadyr suwy däl, eýsem, ýer astyndaky şor suwy-da başga ýere akdyrmak gerek bolar.