Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzda ençeme ýyllardan bäri ajaýyp däp bolup gelşi ýaly, geçen ýekşenbede halkymyzyň ýakymly baýramlarynyň biri bolan Hasyl toýy uly dabaralara beslenip, uzaklara ýaň saldy. Şanly toý mynasybetli ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda göreldeli zähmet çekip, uly üstünliklere eýe bolýan watandaşlarymyzyň bir toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bu dabaranyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy. Biz olaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny size ýetirýäris.
Hatiça NIÝAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:
—Şan-şöhrata beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permanynyň esasynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylmagym meniň durmuşymda ýatdan çykmajak, şatlyk-guwançly wakalaryň biri boldy. Biz, kärendeçi daýhanlara goýýan şeýle belent sarpasy üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene toprakdan dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny öndürmeklige ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň berýän kömek-goldawlary bizi ýadawsyz zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň harmanlarynyň belent bolmagyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, men ençeme ýyllardan bäri daýhançylyk edip, öz kärende ýerimden ýokary hasyl alyp gelýärin. Şu ajaýyp ýylymyzda-da bu babatda gazanan netijäm örän guwandyryjy boldy. Bu hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlaryna jogap edip, bildirýän uly ynamyny ödemeklige çalşyp, çeken yhlasly zähmetimiziň ýerine düşendiginiň nyşany bolup durýar.
Ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary depginlerde ösdürmek ugrunda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza zähmetimize berýän belent bahasy üçin köp sag bolsun aýdýaryn.
***
Nazarbaý TUWAKBAÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň mehanizatory, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlarynyň netijesinde edermen babadaýhanlarymyzyň gazanýan netijeleri, eýe bolýan belent sepgitleri örän guwandyrýar. Olaryň bu üstünliklerinde mehanizatorlaryň hem uly goşantlary bar. Ençeme ýyllardan bäri bu kärde zähmet çekýän adamlaryň biri hökmünde munuň şeýledigine örän buýsanýaryn.
Garaşsyz ýurdumyzda öz ornuňda yhlasly zähmet çekseň, hormat-sarpaň hemişe belent bolýar. Ýakynda uly dabaralara beslenen Hasyl toýunyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen öňdebaryjy oba hojalyk işgärleriniň hatarynda meniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolmagym hem muňa şaýatlyk edýär. Köpýyllyk zähmetime berlen bu ýokary baha meni örän guwandyrdy, başymy göge ýetirdi.
Mehanizator bolup işlemek uly jogapkärçiligi üstüňe alyp, öz işiňe çynlakaý ýapyşmagy, ähli gujur-gaýratyňy gönükdirmegi talap edýär. Çünki ol daýhanyň uzak wagtyň dowamynda ekin meýdanynda hasyl ýetişdirmek ugrundaky aladalarynyň ýerine düşmegine möhüm ýardam bermek bilen baglanyşykly. Şonuň üçin hem biz bu babatda öz yhlas-başarnygymyzy gaýgyrmaýarys.
Şu pursatdan peýdalanyp, oba hojalyk pudagynyň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak barada uly işleri durmuşa geçirýän, biziň öndürijilikli zähmet çekmegimize oňaýly şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli maksatlarynyň mundan beýläk-de hasyl bolmagyny arzuw edýärin.