Şa serpaýy — belent hormat
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Şa serpaýy — belent hormat

Jemgyýet
18.12.2025  99

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň durmuşynda buýsandyryjy, guwandyryjy wakalary bilen taryha girýär.Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara, olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylag gowşurmagy şanly ýyly has-da dabaralandyrdy. Bilimde we sportda tapawutlanyp, Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň hatarynda Daşoguz welaýatyndan ussat türgenlerdir tälimçi-mugallymlaryň hem bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Aýgözel GURBANGELDIÝEWA, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy:

— Hormatly Prezidentimiz ýaşlary ata Watanymyzyň daýanjy hasaplaýar. Bu belent ynama ygrarly bolup, täze taryhy döwürde milli sportumyzy galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän tagallalardan ruhlanyp, bagtyýar türgen ýaşlary halkara ýaryşlarda, çempionatlarda Watanymyzyň sport abraýyny — ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýarlar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolup, awtoulag bilen sylaglanmagym durmuşymy egsilmez buýsanja, şatlyga besledi. Watanymyzyň abraýy, şan-şöhraty ugrunda çekýän zähmetiň üçin sylag-hormata mynasyp bolmak, onda-da hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden sowgat almak ömrüňe aýratyn öwüşgin çaýýan eken.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň dürli ugurlarda kämilleşmegi, olaryň ata Watanymyzyň daýanjy bolup kemala gelmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri hem döredilýän şertleriň, olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň miwesidir. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Sanjarbek AWAZBERDIÝEW, Daşoguz welaýatynyň  Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy:

— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly durmuşyma unudylmajak, ýakymly pursatlary bagyşlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilimde we sportda tapawutlanan ýaşlaryna, olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylag gowşurdy. Şolaryň hatarynda Şa serpaýyna mynasyp bolmagym meni geljekki halkara sport ýaryşlarynda has netijeli görkezijileri gazanmaga ruhlandyrýar.

Ýaşyl Tugumyzyň halkara sport arenasynda belentde parlap durandygyny ýeňiş münberinden synlamak her bir türgeniň arzuwy, öz öňünde goýan baş maksady. Ýüregimize beslän arzuwlarymyzyň amala aşmagy, maksatlarymyzyň myrat tapmagy üçin her gezek ýaryş meýdançasyna çykanymyzda berkarar döwletimiziň biz hakynda edýän ägirt uly aladasyny duýup, ondan uly goldaw alýarys. Milli sporty ösdürmek üçin ýurdumyzda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilip berilýändigine buýsanýarys.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toý-baýramlara beslenýän gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolup, ajaýyp döwrümizde bagtyýar ýaşlaryň ägirt uly goldawa eýedigine aýdyň göz ýetirdim.

Täze taryhy döwürde halal hem tutanýerli zähmet çekmäge, döwrüň ruhy galkynyşyny her dem duýup ýaşaýan bagtyýar ýaşlary täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetmäge atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, beýik işleri rowaç bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
05.02.2026   76
Jemgyýet «Behişdi bedewler – uçar ganatym»
25.04.2026   38
Jemgyýet Ussat keramikaçy
24.09.2025   121
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   316
Jemgyýet Biziň döwürdeşimiz
04.01.2025   356
Jemgyýet Köňülleriň çyragy sen, Pyragy!
10.04.2024   347
Jemgyýet Söz dünýäsine seýran
02.12.2025   109
image