Rysgally ýyl
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Rysgally ýyl

Jemgyýet
24.12.2024  345

Halkymyzyň müçe hasaby boýunça bosagada duran 2025-nji ýyl ýylan ýylydyr. Halk hakydasynda: «Ýylan ýylyny ýaman görseň, ýylky alnyňdadyr» diýen bir aýtgy bar. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak babatdaky ýaşaýyş-durmuş terzi, ençeme ýyllyk tejribesi, synçylygy bilen baglanyşykly dörän bu aýtgyda ýylan, ýylky ýyllarynyň gyş paslynyň biraz aýazly boljakdygyna ýaňzydylýar. Emma «Gyşy gyş bolmadygyň, ýazy ýaz bolmaz» diýen pähimi hem ýatdan çykarmak bolmaz.

Ýylan ýyly rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolar. Dünýä halklarynyň aglabasynyň halk döredijiligine dahylly eserlerde ýylan genji-hazynanyň goragçysy hökmünde teswirlenýär. Köneden galan yryma görä, ata-babalarymyz öýe ýylanyň girmegini hem gowulyga ýorup, oňa kast etmän, çeträk bir ýere goýberip gaýdypdyrlar. Eger öýe giren ak ýylan bolsa oňa süýt hödür edilip, özi çykyp gidýänçä el degirmändirler. Öýe giren ýylan geljek rysgal-döwletiň alamaty saýylypdyr.

Hytaý ýyl hasaby boýunça bu gezekki ýylan ýylynyň esasy alamaty agaçdyr. Daragt miwe getirýär, şol sebäpli hem ýylyň rysgal-bereketli, ekerançylygyň bol hasylly boljagyna garaşylýar.

Täze ýylyň düşümli bolmagy, döwletli ojagyňyza, öýleriňize rysgal, bagt getirmegi, parahat durmuşyň höküm sürmegi üçin penjiräniň öňünde ýylanyň heýkelini ýa-da baýramçylyk saçagynda ýylan şekilli işdäaçarlarydyr süýjülikleri goýmak gowulyga ýorulýar. Täze ýyl baýramyny öýde garşylamak maslahat berilýär. Baýram mynasybetli otaglar, Täze ýyl arçalary bezelende açyk, esasan hem, ýaşyl reňkden peýdalanmaly. Täze ýyl saçagy bezelende her bir adama üstünlik, rysgal-bereket getirjek tagamlara aýratyn üns bermek däbi hem bar. Balykdan we et önümlerinden taýýarlanylan tagamlar baýramçylyk saçagynyň aýratyn bezegine öwrülmek bilen birlikde, ýylan ýylynda öý-ojaga rysgal getirýändigi yrym edilýär. Baýramçylyk arçasynda ýaşyl we altynsow reňkli bezeglerden peýdalanmak maslahat berilýär. Arça bezegleriniň arasynda ýylan şekiliniň bolmagyna üns berilse has gowy.

Täze — 2025-nji ýyl, ýylan ýyly bosagada. Goý, bu ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işleri has-da dabaralandyrjak, ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tizlikden ruhlanýan türgen
13.08.2024   301
Jemgyýet Zehini zyýada nesiller
20.02.2025   279
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   104
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   412
Jemgyýet Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
05.04.2025   293
image