Ruhy lezzet paýlady
weather dashoguz 8° C Daşoguz

Ruhy lezzet paýlady

Jemgyýet
05.08.2024  311

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň guramagynda «Daşoguz» şypahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen medeni-dynç alyş çäresi uly ruhubelentlige beslendi.

Dabara bu ýerde dynç alýan we saglygyny berkidýän bagtyýar ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýerine ýetirilen hoş owazly aýdym-sazlarda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň waspy belentden ýetirildi. Şeýle hem bu ýerde ýerine ýetirilen degişme sahnalary dynç alýan bagtyýar ildeşlerimize ruhy lezzet paýlady. Döwrebap aýdym-sazlar, hoş owazly nagmalar, dürli dillerde ýerine ýetirilen aýdymlar ata Watanymyzyň bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, galkynyşyň hem-de dost-doganlygyň mekanydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz
04.10.2024   270
Jemgyýet Dünýäniň belent ykrary
09.01.2026   52
Jemgyýet Hasabat ýygnagy geçirildi
26.07.2024   387
Jemgyýet Dünýä ýaň salan şäher
13.09.2024   392
Jemgyýet Rowaçlanýan ýörelge
06.12.2025   90
Jemgyýet Rowaçlygyň mekany
02.10.2024   304
Jemgyýet Bilimden paýly nesiller
02.09.2024   400
Jemgyýet Täze ýylyň toý döwresi
31.12.2025   68
image